EKO-ÇEŞME
Ýyladyşhanany zerur suw bilen üpjün etmek üçin, Garagum derýasyndan gelýän suwlar, suw çökündiler üçin we esasy hapalanmakdan arassalamak üçin birinji we ikinji howdanlardan geçenden soň, ýyladyşhanada göwrümi 234 tonna bolan suw çeleklerde ýygnalýar. Suw howdanyndaky suw, gum, uglerod we membrana süzgüçlerinden geçenden soň, zerur minerallar bilen doldurylýar we ösümliklere berilýär. Suw üpjünçiligi ulgamynyň elektron enjamlary arkaly işjeňleşdirilmegi tebigy baýlyklaryň tygşytly peýdalanmagyna kömek edýär. Şeýle hem, ýyladyşhananyň sowadylmagy ýylylyk, çyglylyk, kömürturşy gazy we yşyklandyryş üçin akylly enjamlar arkaly kadalaşdyrylýar.