BIZ BARADA

Ýyladyşhananyň häzirki önümçilik kuwwatlylygy ýylda 25 000 000 kilogram pomidor görnüşidir. Agronomlar we inžinerler ýyladyşhanada salkym pomidorlary, gül-güne göwrumli pomidorlary we çerri görnüşine degişli alça pomidorlary öndürmediň üstinde işleýarler.

Alça pomidorlary ululyk boýunça iň kiçi pomidorlardyr. Agramy 25 gramma ýetýär. Olar sferik, tegelek we beýleki şekillerde bolup biler. Olar esasan gyzyl reňkde bolýarlar, ýöne sary, ýaşyl we gara reňkde hem bolup biler. Jaýryklara çydamly.

ÇERRI TOMAT

Pomidorlaryň bu görnüşi gyzyl reňkine öwrülip başlanda we şahada bişenlerinde ýygnalýarlar. Adatça bir şahada 5-6 pomidor bolýar. Olaryň hemmesi esasan gyzyl reňkde we togalak şekilde bolýarlar. GDA we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda olara uly isleg bildirilýär. Pomidoryň ortaça agramy 100-den 160 gramma çenli. Saklanyş möhleti takmynan 10-20 gün.

SALKYM TOMAT

Uly miweli pomidor, bu iň uly ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň biri bolup, agramy 450 grama çenli ýetip bilýär. Köpüsi gülgüne ýa-da gyzyl reňkli bolup birnäçe ownuk tohum üçin otagly bolýarlar. Ýeke-ýekeden ýygnalýarlar. Olar ajaýyp tagamly.

GÜL-GÜNE TOMAT

ÖNÜMLER

Täze ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen ýyladyşhana we açyk meýdanda işleýänleriň sany 400-den 700 adama çenli artar. Öndürilen önümler içerki bazarda satylar we “Mahmal” söwda belligi bilen daşary ýurda eksport ediler. Biziň durmuşa geçirýän taslamamyz, ilatly ýerlerde iş orunlaryny döretmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, importy azaltmak, eksporty köpeltmek, innowasiýalary girizmek arkaly oba hojalygyny ýokarlandyrmak we pes ýerleri ösdürmäge gönükdirilen Hormatly Prezidentimiziň Döwlet strategiýasyna esaslanýar.

ŞAHADATNAMALAR

TÄZEÇILIK

Häzirki wagtda “Ýigit” HJ 740.000 m² meýdanda ýerleşýan ýyladyşhanalaryny Ýewropanyň öňdebarjy kompaniýalary tarapyndan öndirilen iň döwrebap , ösen enjamlardan peýdalanýar.

EKO-IŞJEŇLIK

Tebigy gazda we ýangyçda işleýän Ýewropa kompaniýalarynyň enjamlary ýyladyşhananyň ýyladyş merkezinde oturdyldy. Ýyladyş merkezinde tebigy gazyň ýanmagy wagtynda emele gelen uglerod dioksidi, fotosintez prosesinde gün şöhlesi bilen birlikde gaýtadan işlemek we dezinfeksiýa etmek arkaly ulanylýar.

TERMOREGULÝASIÝA

Bu ýyladyş enjamlary, ýyladyşhananyň içinde 20-25 dereje saklamaga ukyply, hatda daşynda howanyň derejesi noldan 17 dereje pes bolsada gyzdyrmada mümkinçiligi bar.

EKO-ÇEŞME

Ýyladyşhanany zerur suw bilen üpjün etmek üçin, Garagum derýasyndan gelýän suwlar, suw çökündiler üçin we esasy hapalanmakdan arassalamak üçin birinji we ikinji howdanlardan geçenden soň, ýyladyşhanada göwrümi 234 tonna bolan suw çeleklerde ýygnalýar. Suw howdanyndaky suw, gum, uglerod we membrana süzgüçlerinden geçenden soň, zerur minerallar bilen doldurylýar we ösümliklere berilýär. Suw üpjünçiligi ulgamynyň elektron enjamlary arkaly işjeňleşdirilmegi tebigy baýlyklaryň tygşytly peýdalanmagyna kömek edýär. Şeýle hem, ýyladyşhananyň sowadylmagy ýylylyk, çyglylyk, kömürturşy gazy we yşyklandyryş üçin akylly enjamlar arkaly kadalaşdyrylýar.

KLIMAT GÖZEGÇILIK

740.000 m² gektar meýdanda ýerleşýän we ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhana önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga we ýylyň 12 aýynyň dowamynda önümçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Howa sowadyjylaryň kömegi bilenýyladyşhananyň içindäki temperatura, daşarda 45 dereje bolanda-da zerur 25 dereje gradusa düzülip bilner.

TEHNOLOGIÝALAR WE ENJAMLAR

Häzirki wagta kompaniýa BAE, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus, Täjigistan ýaly yurtlara eksport edilýar. Geljek ýyla eksport edilýän ýurtlaryň sanyny köpeltmek we Ýewropa bazarlaryna çykmak meýilleşdirilýär.

HYZMATDAŞLAR

GALEREÝA

Bize geliň

Türkmenistan, Aşgabat, Bagtyýarlyk etr. obasy Ruhabad, köç. Garagumskaýa, 745202

HABARLAŞMAK