BIZ BARADA

Ýyladyşhananyň häzirki önümçilik kuwwatlylygy ýylda 60 000 000 kilogram pomidor hasylyna barabardyr. Agronomlar we inženerler ýyladyşhanada salkym pomidorlary, gül-güne göwrümli pomidorlary we çerri görnüşine degişli alça pomidorlary öndürmegiň üstünde işleýärler.

Alça pomidorlary ululyk boýunça iň kiçi pomidorlardyr. Agramy 25 gramma ýetýär. Olar sferik, tegelek we beýleki şekillerde bolup biler. Olar esasan gyzyl reňkde bolýarlar, ýöne sary, ýaşyl we gara rekde hem bolup biler, jaýryklara çydamly.

ÇERRI TOMAT

Pomidoryň bu görnüşi gyzyl reňkine öwrülip başlanda we şahada bişenlerinde ýygnalýarlar. Adatça bir şahada 5-6 pomidor bolýar. Olaryň hemmesi esasan gyzyl reňkde we togalak şekilide bolýarlar. GDA we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda olara uly isleg bildirýärler. Pomidorlaryň ortaça agramy 100-den 160 gramma çenli ýetýär. Saklanyş möhleti takmynan 10-20 gün.

SALKYM TOMAT

Uly miweli pomidor, bu iň uly ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň biri bolup, agramy 450 gramma çenli ýetip bilýär. Köpüsi gülgüne ýa-da gyzyl reňkde bolup birnäçe ownuk tohum üçin otagly bolýarlar. Ýeke-ýekeden ýygnalýarlar. Olaryň örän süýji tagamy bar.

GÜL-GÜNE TOMAT

ÖNÜMLER

Ýyladyşhana toplumymyzyň geriminiň giňeldilmegi 1000 - 1500 adama çenli iş ornunyň artmagyna ýardam berýär. Biziň durmuşa geçirýän taslamamyz , ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge , ekologiki taýdan arassa we ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge, importy azaltmaga, eksporty köpeltmäge, innowasiýalar we oba ýerlerini ösdürmäge gönükdirilen Hormatly Prezidentimiziň Döwlet strategiýasyna esaslanýar.

ŞAHADATNAMALAR

TÄZEÇILIK

Häzirki wagtda “Yigit” HJ 1,940,000 m² meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalar toplumynda Ýewropanyň iň öňdebarjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlaryndan peýdalanylýar.

EKO-IŞJEŇLIK

Tebigy gazda we ýangyçda işleýän Ýewropa kompaniýalarynyň enjamlary ýyladyşhananyň ýyladyş merkezinde oturdyldy. Ýyladyş merkezinde tebigy gazyň ýanmagy wagtynda emele gelen uglerod dioksidi, fotosintez prosesinde gün şöhlesi bilen birlikde gaýtadan işlemek we dezinfeksiýa etmek arkaly ulanylýar.

TERMOREGULÝASIÝA

Bu ýyladyş enjamlary, ýyladyşhananyň içinde 20°C , 25°C dereje saklamaga ukyplydyr. Ýyladyşhananyň daşynda howanyň derejesi 0°C den -17°C çenli pese düşen ýagdaýynda hem içerki temperaturanyň durnukly saklanmagyna mümkinçilik berýär.

EKO-ÇEŞME

Ýyladyşhanany zerur suw bilen üpjün etmek, Garagum derýasyndan gelýän suwlar, suw çökündiler üçin we esasy hapalanmakdan arassalamak üçin birinji we ikinji howdanlardan geçenden soň, ýyladyşhanada göwrümi 234 tonna bolan suw çeleklerde ýygnalýar. Suw howdanyndaky suw, gum, uglerod we membrana süzgüçlerinden geçenden soň, zerur minerallar bilen doldurylýar we ösümliklere berilýär. Suw üpjünçiligi ulgamynyň elektron enjamlary arkaly işjeňleşdirilmegi tebigy baýlyklaryň tygşytly peýdalanylmagyna kömek edýär. Şeýle hem ýyladyşhananyň sowadylmagy ýylylyk, çyglylyk, kömürdurşy gazy we yşyklandyryş üçin niýetlenilen akylly enjamlar arkaly awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar.

KLIMAT GÖZEGÇILIK

1,940,000 m² meýdanda ýerleşýän, ýyladyş we sowadyş ulgamlar bilen bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhana önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga we ýylyň 12 aýynyň dowamynda önümçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Howa sowadyjylaryň kömegi bilen ýyladyşhananyň içindäki temperatura, daşarda 45°C bolsa-da, zerur 25°C saklanyp bilner.

TEHNOLOGIÝALAR WE ENJAMLAR

Häzirki wagtda kompaniýa: BAE, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlara eksport amala aşyrylýar. Geljekde önümlerimizi eksport edýän we Ýewropanyň bazarlaryna girýän ýurtlaryň sanyny iki esse artdyrmagy maksat edinýäris.

HYZMATDAŞLAR

GALEREÝA

Bize geliň

Türkmenistan, Ahal welaýaty, Kaka etraby, Şükür bagşy daýhan birleşiginiň çägindäki, Duşak-Mäne ýolunyň, 10-njy km-ligi

HABARLAŞMAK